Screenshots
About this app
Tanat — reklamaňyz üçin amatly platforma Tanat arkaly işiňizi, dükanyňyzy ýa-da hyzmatyňyzy Türkmenistanyň meşhur habar saýtlarynda we mobil applikasiýalarynda mahabatlandyryp bilersiňiz. Dürli ugurdaky platformalarda reklama ýerleşdirmek indi birnäçe minut alýar. Nädip işleýär? Telefon belgiňiz bilen hasaba alnyň — SMS kod arkaly, parolsyz Reklama berjek platformaňyzy saýlaň — her platformanyň ugry we auditoriýasy barada maglumat alyň Reklama ýerini saýlaň — desktop ýa-da mobil, dürli ölçegler Möhleti, wagty we enjamy saýlaň — baha awtomatik hasaplanýar Suratyňyzy ýükläň — türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn ýükläp bilersiňiz Online Hyzmat arkaly töläň — her tölegden 5% cashback Mümkinçilikler: - Çeýe sazlamalar — enjam görnüşi, telefon/planşet, irden/öýlän/agşam boýunça nyşanlaň - Awtomatik baha — saýlawlaryňyza görä býujet ekranda derrew üýtgeýär - Tanatlam — reklamaňyzyň görülme sanyny, galan wagtyny we netijelerini yzarlaň - Aňsat uzaltmak — reklamaňyzy islendik wagt goşmaça günlere uzaldyň - Taýýar şablonlar — ähli ölçegdäki taýýar ad size kit-i ýükläp alyň - Bildirişler — reklamaňyz tassyklananda, balansyňyz doldurylanda we möhleti gutarmazyndan 1 gün öň habar alyň Ähli reklamalar 24 sagadyň dowamynda barlanýar. Minimal kampaniýa möhleti — 3 gün. Tanat — reklamaňyzy dogry ýerde, dogry adamlara ýetiriň!
What's new
Version 1.0.3 · Sep 7, 2026
- Näsazlyklar düzedildi